Dünýäde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk näme? – diýlen sowala dürlüçe jogaplar berilmegi mümkin. Ýöne jogap berýän adamlaryň aglaba böleginiň jogaby birmeňzeşdir. Ol jogap hem bolsa «parahatçylyk, parahat durmuş» diýen jogapdyr. Parahatçylygyň, parahat durmuşyň höküm sürýän ýurdunda, dünýä inmek, ýaşamak, okamak, zähmet çekmek şeýle Watana gulluk etmeklik hem her bir adama egsilmez bagt eçilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyz parahatçylygyň we asudalygyň mekanyna öwrüldi. Ata Watanymyzyň Bitarap döwlet höküminde Parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli gatnaşyklary dünýä ýüzüne wagyz etmekligi hem halkymyzyň köp asyrlyk milli ýörelgeleriniň halkara derejesinde dowam etdirilmegidir. Ençeme asyrlap özbaşdak, berkarar döwletli bolmagy arzuw edip gelen türkmen halkymyz dost-doganlyk ýörelgelerini, goňşy bilen gadyrly gatnaşmaklyk, azaşana dogry ýol görkezmeklik, ejizläne hemaýat etmeklik ýaly ajaýyp ýörelgeleri döredipdirler hem-de şol ýörelgeler ata-babalarymyzdan nesillere arkama-arka geçirilip gelinipdir. Mundan başga-da milli medeniýetimiziň ösüşlerine goşant goşan bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-sazlarynda, ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgularynda, eserlerinde hem parahatçylyk, hoşniýetli gatnaşykda, dosta we dostluga ygrarlylyk, ata Watana, ene topraga söýgi ýaly häsiýetler öz giň beýanyny tapypdyr.
Bu ýörelgeleri nesillere öwretmek, ýaş nesiller tarapyndan dowam etdirilmegini gazanmak maşgalada perzent dünýä inen gününden başlapdyr. Ýagny, her bir ene öz balasyny hüwdülände, ene ýüreginiň töründen çykýan mylaýym ene hüwdüsinde hem milli ýörelgelerimiz beýan edilipdir. Entek sallançakda ýatan bäbejik-kä ene hüwdüsiniň üsti bilen aňyna guýlan, soňra aýdym-sazlaryň, ýaşuly nesliň öwüt-nesihatlarynyň, göreldesi bilen ýyllaryň dowamynda öwredilip, kämilleşdirlip gelnen watansöýüjilik, parahatçylyk, asudalyk diýlen gymmatlyga sarpa goýmaklyk, gorap saklamaklyk ýaly ýörelgeler bilen kemala gelen perzentler pederleriň ýörelgelerini mynasyp ýöredip gelipdirler.
Bu günki günde, agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar eýýamda, ajaýyp zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Ata Watanymyzyň gelejegi hasaplanýan ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli ýörelgelerimize salgylanýan halkymyzyň gazanýan ösüşleri, ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler goňşy döwletlere we dünýä ýurtlaryna nusgalykdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä inip, önüp-ösüp kemala gelen ýaş nesillerimiziň ylym-bilimde, medeniýetde we sungatda, döredijilikde, sportda gazanýan üstünlikleriniň ählisini ata-babalarymyzyň döredip, miras galdyryp giden milli ýörelgelerimizden gözbaş alýar. Medeniýet we sungat halklaryň arasyndan dost-doganlygy, agzybirligi, jebisligi berkidýär. Sagdynlygyň girewi bolan sport hem parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmakda halklaryň we milletleriň arasyndaky gatnaşyklary ýakynlaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan alyp görenimizde türkmen ýaşlary diňe bir döwlet derejesinde däl, halkara derejesinde hem parahatçylygy, dost-doganlygy, hoşniýetli gatnaşyklary wagyz etmeklige, milli ýörelgelerimizi dünýä ýaýmaklyga önjeýli goşant goşýarlar.
Bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek maksadynda başlangyçlar bilen çykyş edip gelýän, ata Watanymyzy asudalygyň we parahatçylygyň mekanyna öwüren, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, hünär almaklyga giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk bähbitli dünýä ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň başlygy.