PARAHATLYK ÝOLLARY

«Hakykat bir bolsa-da oňa barýan ýollar müňlerçedir» diýilýär. Parahatçylyk ähli ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň özenidir. Makalamyz şu taryhy hakykatyň käbir ýollary dogrusyndaky söhbede gönükdirilendir.

Adamzat taryhy olaryň köplenç parahatçylygyň we urşuň sepgidinde ýaşandygynyň ummasyz maglumatlaryny özünde saklaýar. Olaryň agyr-agyr söweşleri saýlan gezekleri-de bolupdyr, ylalaşykly ýollary saýlan gezekleri-de. Ýöne söweşiň hiç bir tarapa peýda getirmeýändigi welin aýdyň hakykat. Söweşleriň ýowuz tejribesinden sapak alanlar bolsa parahatçylykly şertnamadyr ylalaşyk baglaşmak arkaly düşünişmegi saýlap alypdyrlar.

«Taryhyň berýän sapaklarynda we halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde dünýä döwletleriniň döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly çemeleşenlerinde gowy netije gazanýandyklaryny aýdyň görkezýän mysallar az däl» diýýän Gahryman Arkadagymyz hut şu hakykata esaslanyp, Euronews habarlar agentliginiň direktory bilen bolan söhbetdeşliginde şeýle belläp geçýär: «Urşuň ýeňen ýeri ýok» diýen ajaýyp türkmen pähimi bar. Biz şu dogry garaýyşdan ugur alýarys we mundan beýläk-de ugur alarys».

Taryh öz maglumatlary bilen adamzat jemgyýetiniň, milletleriň hemişe parahat ýaşaýyşa ymtylandygyny tassyklaýar. Adam öz durmuşynyň parahat bolmagyny isleýän bolsa, ilki bilen, içki asudalygy gazanmaly. Çünki adamyň içinde rahatlygy bolmasa, ol daş-töweregine hem oňaýly täsir edip bilmeýär. Şonuň üçin hem parahat durmuşyň binýady adamyň özünden başlanýar. Bu hakda beýik akyldar Magtymguly Pyragy şeýle diýýär:

«Kişi bolsaň ilki özüň düzetgil,

Özüňni düzedip özgä göz etgil».

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty «Dialog — parahatçylygyň kepilidir» taglymatyny dabaralandyrmak arkaly ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluna gönükdirilendir. Bu syýasat diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda hem uly goldawa mynasyp bolýar.

Agzybirlik we düşünje ýoly

Diňe bir içki rahatlyk parahat jemgyýeti döretmek üçin ýeterlik däldir. Adamlar birek-birege hormat goýmaly, düşünişmeli we agzybir bolmalydyrlar. Çünki jebislik bolmasa, jemgyýetde durnuklylyk we parahatçylyk saklanyp bilmez. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynda: «Taryhy tejribäniň düýpli medeni we aň-düşünje gorlarynyň we häzirki zaman garaýyşlarynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň türkmen nusgasynda jemlenmegi Türkmenistanyň içerki ösüşinde-de, dünýä giňişliginde-de üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi» diýlip, örän ýerlikli bellenilýär.

Taryhy tejribäniň subut edişi ýaly, türkmen halky asyrlaryň dowamynda agzybir ýaşamagy başaran milletleriň biridir. Ulyny sylamak, kiçini söýmek, birek-birege goldaw bermek halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň esasyny düzýär. Hut şu ýörelgelere esaslanyp, ýurdumyz halkara derejesinde hem parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklaryny barha ösdürýär.

Dialog we hyzmatdaşlyk ýoly

Dünýäde parahatçylygy gazanmagyň we saklamagyň iň täsirli ýollarynyň biri hem dialogdyr. Arkasy dutarly Görogly beg hem Hüňkär ýaly hökümdarlaryň öňünden ilkibada ýumşak söz bilen çykýar. Çünki sözüň güýjüne hormat goýlan ýerde uruş-jenjele ýol berilmeýär. Her bir mesele ýüze çykanda ony gepleşikler we özara düşünişmek arkaly çözmek adamzat üçin iň dogry ýoldur. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň daşary syýasaty dialoga we hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyz halkara giňişliginde «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen ýörelgä berk eýerýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagyň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Bilim we medeniýet ýoly

Parahatçylygy saklamagyň we berkitmegiň ýene bir möhüm usuly bilimdir. Bilimli we sowatly adam meseleleri akyl bilen çözmegi başarýar, düşünişmegi we gepleşikleri goldaýar. Şonuň üçin hem döwletimiz bilim ulgamynyň ösmegine uly üns berýär. Çünki aň-bilim – ýaşaýyşyň serişdesi, gowy ýaşamagyň asyl gözbaşy, sungat bolsa parahatçylygyň köprüsidir.

Medeniýet hem halklary birleşdirýän, olary birek-birege ýakynlaşdyrýan güýçdir. Medeni gatnaşyklaryň ösmegi halklaryň we ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem Türkmenistan medeni hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Parahatçylygyň ýollary köpdürlüdir, ýöne olaryň hemmesi bir maksada – asuda, bagtyýar we abadan jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir. Her bir adam öz-özüni kämilleşdirmegi, daş-töweregi bilen düşünişmegi başarmaly, meseleleri dialog arkaly çözmegi we bilimiň hem-de medeniýetiň parahatçylygy berkitmekdäki ornuny unutmaly däldir.

Türkmenistan bu ýörelgelere eýermek bilen, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we ynanyşmagyň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Hut şu sebäpden hem, biz ata Watanymyzy parahatçylygyň, agzybirligiň we asudalygyň mekany diýip buýsanç bilen aýdyp bileris.

Annageldi GODOROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we

meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHATÇYLYK:ÝAŞLARYŇ SESI

08 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHATLYK ÝOLLARY