HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY

Giň äleme şugla salýar ynsanperwer nury bilen,

Hemaýatdyr, howandardyr, haýyr-sahawat gaznasy.

Parahatlyk ýolun gurýar döwletleriň bary bilen,

Döwrümize beýik şandyr, haýyr-sahawat gaznasy.

 

Buýsanç bilen täç edinip beýik Arkadagyň adyn,

Gülledip ynam bagyny, gowşamasyn munda badyň,

Çagajyklaň dillerinde müdimilik sena, aýdym,

Zemin üzre berkeýändir, haýyr-sahawat gaznasy.

 

Toý-baýram kerwenin gurýar toýhana öwrüp Diýary,

«Saglyk-salamatlyk bolsun!» Gaznanyň beýik şygary,

Ganatyňda bagtly mydam dost-dogan çagalaň bary,

Ýüreklere ornaýandyr, haýyr-sahawat gaznasy.

 

Eçilip sowgat-salamy ýer ýüzüniň halklaryna,

Guýup ýagşylyk şygaryn adamlaryň kalplaryna,

Ynam bilen gadam urýar ertirleriň ak daňyna,

Niýetleri durlaýandyr, haýyr-sahawat gaznasy.

 

Pajarlaýar Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda,

Haýyrly işe beslenen günleň hamyrmaýasynda,

Agzybirlik höküm sürýän gül zeminiň aýasynda

Baýdak bolup parlaýandyr, haýyr-sahawat gaznasy.

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 42 okalan

HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY

27 Maý 2025 | 471 okalan

BITARAPLYK – PARAHATÇYLYGYŇ BAÝDAGY