Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Gämi oba Medeniýet öýünde «Üstünliklere beslenjek forum» ady bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisindäki çykyşyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan söhbetdeşlige ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýylyň 4–8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň berkarar Watanymyzyň abraýyny artdyrjak taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigi barada söz açyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak halkara foruma ýokary derejede taýýarlyk görülmeginiň halkymyzda gyzgyn goldaw tapýandygyny bellediler.
Täsirli geçen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny arşa göteren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri,