SAGLYK – ÝAŞAÝŞYŇ BEZEGI

Golaýda ýaş nesliň sporta we bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 4-nji çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Saglyk – ýaşaýşyň bezegi» atly ýakyn aralyga ylgamak boýunça sport ýaryşy geçirildi.

Çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyran bu sport ýaryşy çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda körpeler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda tapawutlanyp ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaryşyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Tawus KURBANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

12 Noýabr 2025 | 78 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 75 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Noýabr 2025 | 112 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI