Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Zemine ýaň salsyn çaga gülküsi» atly sport ýaryşlary we medeni çäreler geçirildi.
Merkezde dynç alýan çagalaryň her bir gününiň şatlykly pursatlara beslenmegini gazanmak maksady bilen guralan çärelerde, çagalar türkmen milli oýunlarynyň, sport we köpçülikleýin medeni çäreleriň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalar bagtyýar zamanada ýaşamaga, okamaga, dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Gülnar GURBANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.