KÖRPELER BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 8-nji çagalar bagynda mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Sport kämillige badalga” ady bilen ýakyn aralyga ylgamak boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

Çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyran bu sport çäresi çekeleşikli häsiýete eýe bolup, onda körpeler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Baýrakly orunlara mynasyp bolan körpelere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hallygözel AGAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Noýabr 2025 | 70 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

11 Noýabr 2025 | 70 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

10 Noýabr 2025 | 104 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI