Golaýda Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýatynyň sport toplumynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Sport sagdynlykdyr” ady bilen sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Talyp ýaşlaryň arasynda sporty köpçülikleýin ösdürmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen geçirilen woleýbol ýaryşy gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldular. Netijede, emin agzalarynyň çözgüdi boýunça “Bagtyýar” topary birinji, “Uçýan top” topary ikinji, “Sagdynlyk” topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara gurnaýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hudaýnazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi.