TÜRKMENISTANDA HALKARA HYTAÝ DILINIŇ GÜNI BELLENIP GEÇILER

17-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (TMDDI) bilen bilelikde 16-njy Halkara hytaý diliniň gününe bagyşlap, tematiki çäre geçirer.

Maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar üçin hytaý medeniýetine bagyşlanan sergi guraljakdyr. Çäräniň aýratynlygy bolsa, hytaý dilinde sözleýiş ussatlygynyň bäsleşiginiň we medeni çykyşlaryň göni ýaýlyma berilmegidir.

BMG tarapyndan 2010-njy ýylda esaslandyrylan Halkara hytaý diliniň güni resmi taýdan 20-nji aprelde bellenilýär. Bu sene hytaý ýazuwynyň esaslandyryjysy, meşhur San Szeniň hatyrasyna saýlanyp alnypdyr.

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 82 okalan

BILIM BILEN BEÝIK GELEJEK GURULÝAR

05 Sentýabr 2025 | 133 okalan

YLYM-BILIM ULGAMYNDA ULY ÖSÜŞLER GAZANYLÝAR