SPORT – ÝAŞLARYŇ ÝAKYN HEMRASY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde, etrabyň 1-nji sport mekdebinde «Sport – ýaşlaryň ýakyn hemrasy» atly sport çäresini geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda etrabyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçiriljek «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiadanyň çäklerinde ýaşlaryň sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höweslerini artdyrmak, berk bedenli sagdyn nesilleri kemala getirmek, etrabyň çägindäki sport mekdepleriň ýaş woleýbol toparlarynyň arasynda güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen çärede Görogly etrabynyň sport mekdeplerinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälim alýan ýaş türgenlerden düzülen toparlar öz aralarynda bäsleşdiler. Bäş sany ýaş woleýbol toparlarynyň arasynda geçirilen, çekeleşikli häsiýete eýe bolan sport ýaryşy ýeňiji toparlary ýüze çykardy. Onuň netijelerine laýyklykda, 2-nji sport mekdebiň tälimçisi Abdylla Haýytbaýewiň topary I, 3-nji sport mekdebiň tälimçisi Didar Pirkulyýewiň topary II, 1-nji sport mekdebiň tälimçisi Alym Aýytbaýewiň topary III orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Görogly etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikdäki Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar