Röwşen geljege gönükdirilen maksatlar

 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Döwlet maslahatynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ilkinji meselesi Türkmenistanyň Zähmet kodeksine şu ýylyň awgust aýynda girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, degişli kararyň taslamasyna seretmek boldy. Onda zähmet gatnaşyklary bilen bagly meseleleri kadalaşdyrmak Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň üstüne ýüklenýär. Ýurdumyzyň zähmet çekýän we durmuş kömek pullaryny alýan raýatlarynyň durmuş hal-ýagdaýynyň döwletimizde hereket edýän kanunlara laýyklykda goralmagy we bu işiň kada laýyklykda ýerine ýetirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan anyk çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň amala aşyrylmagynda bu çäreleriň belli bahasy ýokdur.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy we bu ulgamyň işiniň berk gözegçilikde saklanmagy hakynda bellikler aýdyldy. Ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmaklyga esaslanýar.

2017-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er- Riýad şäherinde geçirmek meýilleşdirilýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi hem şunuň ýaly ähmiýete eýedir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan dynç alyş merkezli akwapark hem häzirki wagtda alnyp barylýan möhüm gurluşyklaryň biridir.

 Paýtagtymyz Aşgabadyň ekologiýa taýdan arassalygy we welaýatlarda ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň meselelerine hem garaldy. Ekologiýa taýdan arassa howa we suw ösüp gelýän nesilleriň sagdynlygynyň girewi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanda düýpli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

«Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasy ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm syýasy wakany garşy alan taryhy ýer boldy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda aýdan pikirini nygtap, degişli ýolbaşçylara Balkanabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde Ahal hem-de Mary welaýatlaryndaky ýaly Ak öý binasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişmegi tabşyrdy. Medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede guramak mümkin bolan Ak öý binalaryny welaýatlaryň her birinde gurmak hormatly Prezidentimiziň durmuşymyza ornaşdyran asylly binagärlik başlangyjydyr.

Ýurdumyzyň medeni durmuşynda golaýlap gelýän möhüm wakalaryň hatarynda Özbegistan Respublikasynyň şu ýylyň 13-15-nji noýabry aralygynda Türkmenistanda geçiriljek medeniýet günleri, şeýle hem 1-2- nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty bellenildi. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi wagyz etmekde we halkara derejeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täzeçil pikirleri ornaşdyrmagyň zerurlygy hakynda nygtady.

 Ýurdumyzda ylmy we tehnologiýany ösdürmegiň anyk çözgütleriniň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglydygy aýan hakykat. Şunuň bilen baglylykda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň çagyrylmagy göz öňünde tutýan bu ýokary okuw mekdebiniň meseleleri hakyndaky Kararyň ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri nygtaldy. Bu bolsa türkmen ýaşlaryna dünýä derejeli bilim bermek üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň biridir.

Mälim bolşy ýaly, Soçide geçirilen sammitde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2018-nji ýylda Türkmenistany bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirmegi hakynda çözgüt kabul edildi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin Daşary işler ministrligi tarapyndan ýörite konsepsiýa taýýarlanar.

10-njy oktýabrda bolan Arkalaşyga agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen degişli resminama laýyklykda, Türkmenistan üçin Ýerine ýetiriji komitetiň guramaçylyk departamentiniň direktorynyň orunbasarynyň wezipesi berkidilipdi. Mejlisde şeýle hem 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2020-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy kabul edildi. Şundan ugur alyp, türkmen milli göreşi boýunça halkara ýaryşlary geçirmek, GDA ýurtlarynda sportuň şu görnüşi boýunça milli federasiýalary döretmek we beýleki wagyz ediş çäreleri göz öňünde tutulyp işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek jemgyýetde sagdynlygy we sagdyn ýaşlary ýetişdirmegiň altyn ýoly bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň uzak menzilleri nazarlaýan meýilnamalary işjeňlik bilen durmuşa geçirilýär.

 Durmuş we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde GDA-nyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde döwlet Baştutanlary tarapyndan maşgala institutyny we gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny goldamak baradaky Beýannama kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny ösdürmek babatda Türkmenistanyň gazanan tejribesi bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň beýleki ýurtlaryny tanyşdyrmak boýunça çäreleri öz içine alýan 2018 — 2019-njy ýyllar üçin Hereketleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Türkmen halkynyň gadymy milli däp-dessurlarynda maşgala gatnaşyklary, atanyň we enäniň mertebesi mukaddeslik hökmünde goralýar. Bu gadymy ýörelgeleriň hut häzirki döwürde hem adamzadyň geljegini goraýan ýörelge hökmünde öňe sürülmegi ata-babalarymyzyň arymsy akabalaryny iň gymmatly baýlyk hökmünde goramagyň türkmen ýaşlarynyň üstüne düşýänligini aňladýar. Bu ugurda ýurdumyzda toplanan baý tejribäniň peýdalanylmagy bizi guwandyrýar.

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň girewi bolan kanunçylyk binýadynyň halkara tejribesine laýyklykda ösdürilmegi hakynda hem aýratyn nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Mejlisini jemledi.

“Nesil” gazeti,

17.10.2017ý.

Meňzeş habarlar