Ýurt asudalygy — il bagtyýarlygy

 Hormatly Prezidentimiz hepdäniň penşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

 Mejlis Balkan welaýatynda ýerleşýän “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynda bolup geçdi. Serhet galasynyň açylyş dabarasyna gatnaşan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň asudalygy, halkymyzyň rahatlygy bilen baglanyşykly birnäçe meselelere seretdi. Olaryň arasynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-jaý meselelerini gowulandyrmak babatdaky meýilnamalar bar. “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi şol maksatnamalaryň durmuş ýüzüne geçýändiginiň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ýere gelmegi Harby-Deňiz Güýçleriniň esgerlerini diýseň begendirdi. Iň döwrebap tehnikalardan peýdalanýan, geçirilýän taktiki okuwlarda döwrebap söweşjeň maşynlara we tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän, Watan goragyny, il-ulsuň asudalygyny belent borç saýýan deňizçiler Belent Serkerdebaşymyzy şatlyk bilen garşy aldylar. Harby gullukçylaryň döredijilik topary watançylygyň belent ruhuna beslenen aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş etdi. Täze binalar toplumynyň toý bagyny kesip, ak pata beren mähriban Prezidentimize ýörite niýetlenen meýdançada serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan söweşjeň awtoulaglaryň dürli görnüşleri görkezildi. Täze tehnikalar bilen tanşan milli Liderimiz olara ýöriteleşdirilen döwrebap harby awtoulagy sowgat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň merkezinde ýerleşýän ştaba tarap ugrady. Bu ýerde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen maglumat merkezi ýerleşýär. Merkeziň iň döwrebap we kämil tehnologiýasy gije-gündiziň dowamynda ýurdumyzyň deňiz serhetlerine gözegçilik etmekde, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän harby bölümler bilen wideoaragatnaşygy amala aşyrmakda diýseň bähbitlidir. Bu tehnikalara we maglumat serişdelerine ussatlyk bilen erk etmek üçin her bir Watan goragçysynyň ýeterlik biliminiň hem-de taýýarlygynyň bolmagy zerurdyr. Şu meseleleri ýerinde çözmek bähbidi bilen serhet galasynda esgerleriň giň gözýetimli we düşünjeli bolmagynyň aladasy hem edilipdir. Bu ýerde iş otaglarynyň, dürli çäreleri geçirmek üçin giň maslahatlar zalynyň we kitaphananyň bolmagy onuň aýdyň beýanydyr. Binada ýörite sport zallarynyň we meýdançalaryň ýerleşdirilmegi serhetçileri hoşwagt etdi. Sebäbi milli Liderimiziň tagallasy bilen barha rowaçlanýan sport ulgamy ynsan bedeniniň saglygyny we ruhubelentligini üpjün edýär. Sport ýurdumyzy goraýan gerçekleriň hem taplanmagy üçin iň gerekli serişdeleriň biridir. Yzygiderli sport bilen meşgullanýan harby gullukçylaryň birnäçesiniň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlarynda baýrakly orunlary eýelemekleri onuň miweleridir. Serhet galasynyň binalar toplumynda giň we ýagty naharhananyň, dürli tagamlary taýýarlamak üçin aşhananyň hem-de çörek bişirilýän nokadyň bolmagy gündelik sarp edilýän iýmite bolan islegleriň ýerlikli kanagatlandyrylýandygynyň nyşanydyr. Binalar toplumynyň çäginde gullukçylar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bolmagy iň arzuwly menzilleriň peşgeşidir. Öý — ojagy kerem-keramat saýýan türkmen üçin ýaşaýyş jaý mukaddesdir. Ine, şeýle ajaýyp jaýlardan paýly bolan serhetçi maşgalalarynyň begençlerinden ýaňa başlary gök diräp, hormatly Prezidentimize bolan alkyşlary tüýs ýürekden joşup çykdy. Ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda körpeje balajyklaryň oýnamagy we boş wagtlaryny işjeň geçirmekleri üçin niýetlenen meýdança hem bar. Binada lukmançylyk merkeziniň bolmagy, ýanaşyk ýerlerine bag nahallarynyň oturdylmagy we abadanlaşdyrylmagy bolsa, serhetçileriň saglygynyň we rahatlygynyň aladasydyr.

 Täze bina bilen doly tanşan Belent Serkerdebaşymyz soňra merkezi binada ýerleşýän maslahatlar zalyna geldi we bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň başynda milli Liderimiz harby we hukuk goraýjylary täze binanyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olar baradaky aladanyň elmydama ilkinjileriň hataryndadygyny aýratyn nygtady. Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri hasabat bilen çykyş etdi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň giň gerimli özgertmeleri ilerletmek, ýaş harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek, Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby ýörişe taýýarlyk görmek işlerine ünsüni çekdi we bu barada aýratyn tabşyryklar berdi. Içeri işler ministriniň hasabatynda düzgün-tertibi berkitmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak barada aýdylsa, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Watanymyzyň mukaddes serhedini goramak boýunça geçirilýän işler dogrusynda birin-birin hasabat berdi. Ýokary kazyýetiň başlygynyň, ýurdumyzyň Baş prokurorynyň, milli howpsuzlyk ministriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktorynyň, Adalat ministriniň çykyşlarynyň ählisi hem jogap berýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler dogrusynda boldy. Öňde durýan maksatlar, jogapkärli wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi üçin tagallalaryň gaýgyrylmajaklygy nygtaldy.

Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz harby gullukçylaryň şahsy düzümini watançylyk ruhunda terbiýelemek, düzgün-nyzamy berkitmek, ýaş esgerleriň gözýetimini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri gozgap, ýolbaşçylara berk tabşyryklar berdi. Şol tabşyryklaryň arasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby ýöriş esasy orunda durýar. Soňra milli Liderimiz täze binalar toplumynyň açylmagy mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýazgy galdyryp, harby gullukçylar bilen hoşlaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Aşgabada gaýdyp geldi. Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine we Balkan welaýatyna iş saparlarynyň tamamlanmagy hem-de “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli arzuwlary üçin olara minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

14.10.2017ý.

Meňzeş habarlar