(Ahal welaýaty, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabry)
Hormatly Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar!
Hormatly aksakgallar!
Hanymlar we jenaplar!
Ilkinji nobatda, men sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň şanly wakasy bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Şu maslahata gatnaşýan hormatly ýaşulular, gadyrly myhmanlar we mähriban adamlar, siziň ähliňize minnetdarlyk bildirmek we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek isleýärin.
Biziň şu günki maslahatymyz berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly baýram edilýän 26 ýyllyk senesiniň öňýanynda geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa biziň belent buýsanjymyzdyr!
Türkmenistan — parahatçylyk söýüji döwlet. Biz dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy birek-birege hormat goýmak esasynda alyp barmaga çalyşýarys. Halkara gatnaşyklarda oňyn bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý edýäris.
Size mälim bolşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Soňra bolsa onuň degişli Rezolýusiýalary bilen goldanyldy.
Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz dünýä bileleşiginiň bu Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Şoňa görä-de, biz bu taryhy Rezolýusiýa aýratyn ähmiýet berip, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasy ýörelgelerini Konstitusiýamyzda anyk beýan etdik. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdik.
Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerini goldanmak bilen, diňe bir mähriban halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitleri üçin hem işjeň daşary syýasaty alyp barýar.
Biz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar bilen, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Şonuň ýaly-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen we dünýä bileleşiginiň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat Gaznasynyň, Çagalar Gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça Müdirliginiň ýurdumyzda ýerleşýän wekilhanalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Şeýle hem bu abraýly halkara guramanyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýäris.
Siziň bilşiňiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde bolsa biziň Bitarap döwletimiz bu guramanyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin agzalygyna we Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça Komissiýasynyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Komissiýasynyň mejlisinde bu Guramanyň ösüşiň bähbitlerine Ylym we tehnika boýunça Komissiýasyna 2017 — 2020-nji ýyllar, Ilat hem-de ösüş boýunça Komissiýasyna 2016 — 2020-nji ýyllar, şeýle hem Durmuş ösüşi boýunça Komissiýasyna 2017 — 2021-nji ýyllar üçin saýlanmagy bizi aýratyn guwandyrýar.
Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde ählumumy kiber howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine düýpli çemeleşmegi teklip etdi.
Siziň bilşiňiz ýaly, «Aziada — 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Bu resminama esaslanyp, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýe hem-de sport boýunça jogapkär ministrleriň we ýolbaşçylaryň ýedinji halkara maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şu ýyl biziň ýurdumyz Energetika Hartiýasynyň Halkara Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwletiň borçlaryny hem ýerine ýetirýär. Biziň ýurdumyzyň şeýle abraýly halkara guramalara saýlanmagy bitarap döwletimiziň bütin adamzadyň bähbitleri üçin hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüji syýasatyna halkara bileleşigiň hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunçylyk taýdan berkidilen bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolup galmak bilen, biz geljekde hem akgöwünlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp bararys. Bu syýasat bolsa diňe bir milli bähbitlerimize däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine-de, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzyň halkara giňişlikde tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin geljekde hem hemmetaraplaýyn tagallalary ederis.
“Nesil” gazeti,
12.10.2017ý.












