ULY TÄSIRLERI DÖRETDI

     Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň ýangyn howpy boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy.

     Duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekde durmuşa taýýar düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusyndaky täsirli gürrüňe üns çekildi, okuwçy ýaşlara ýangyn söndüriji enjamlaryň doly we dogry ulanylyşy öwredildi, ýangyn howpy dogrusynda giňişleýin düşünje berildi.

     Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýörite bellenen giň çäginde ýangyn-amaly sporty boýunça guralan bäsleşik bu çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Bäsleşige gatnaşan toparlar degişli aralyklardaky päsgelçiliklerden geçmek we ýanyp duran ody öçürmek babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdiler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

 

Ýazgeldi ÇARYÝEW,

Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň

Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri,

içerki gullugyň maýory.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 1 okalan

HALKARA FORUMA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

16 Iýul 2025 | 90 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

16 Iýul 2025 | 48 okalan

ZENAN ELI GYZYL GÜL