MILLI GYMMATLYKLARYMYZYŇ WASPY

       Düýn «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Milli gymmatlyklarymyz, ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň dürli görnüşleri dogrusynda geçen söhbetdeşlikde türkmen gelin-gyzlarynyň milli mirasymyzy, gymmatlyklarymyzy, halyçylyk, keçeçilik, keşdeçilik we beýleki el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekdäki ussatlyklary hem-de dünýä ýüzüne tanatmakdaky başarjaňlyklary babatda buýsançly söhbetler edildi. Şeýle hem döredijilikli zähmetiň ynsan terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 0 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 95 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA