Bularyň bary tutulan giň gerimli toýlaryň bezegi boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda bu şanly gün ekologiýa çäresi — «Awtoulagsyz gün» bilen utgaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz bu çäräniň esasy bölegi bolan welosipedli ýörişlere hem baştutanlyk etdi. Asuda asmanda şugla saçýan Günüň şöhleleriniň Köpetdagyň gerişlerini ýagtyldýan wagty — ir säherde Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine gelen hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşy aldylar. Hormatly Prezidentimiz säheriň sergin howasynda bu günki baýramçylyk çärelerine welosipedli gatnaşmagy teklip edip, ýola düşdi. Hormatly Prezidentimiziň egindeşleri hem bu asylly ýörelgä eýerip, ýola düşýärler. Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň gündogar böleginde ýaýbaňlandyrylan çäreleriň geçirilýän ýerine çenli welosiped kerweni bilen gelýän Arkadag Prezidentimizi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar we edara-kärhanalaryň hünärmenleri uly şowhun bilen garşy alýarlar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň ählisi sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty we bedenterbiýäni wagyz etmeklige bagyşlanýar. 17-nji awgustda paýtagtymyzda geçirilen «Awtoulagsyz gün» hem ekologiýa maksatly çäre bolmak bilen paýtagtymyzyň howasynyň arassalygyna oňyn täsir edýär. Arassa howa bolsa ynsan saglygyny goraýan we ömrüni uzaldýan tebigy şertleriň ilkinjisidir. Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde ekologiýa babatda uly başlangyçlara goşulyşýar. Muny diýmek bilen, ýurdumyz 2016-njy ýylyň sentýabrynda howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyna gol çekdi. Watanymyzyň ähli künjeklerinde her ýylda müňlerçe düýp nahallaryň ekilmegi, her bir täze gurulýan desgalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň emele getirilmegi hem ekologiýa babatda arassa howanyň bolmagyna ummasyz ýardam edýär.
Welosiped sporty ynsan bedenini dürli sökelliklerden goramakdan başga-da howanyň ekologiýa ýaramaz täsir edýän gazlardyr tüsseler bilen hapalanmagynyň hem öňüni alýar. Ýurdumyzda bu sportuň ösdürilmegi ugrunda ummasyz tagalla edilýär. 2013-nji ýylyň 7-nji iýunynda “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda” Kararyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzda welosiped sportuny köptaraplaýyn ösdürmeklige giň ýol açyldy. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri bolan welosiped sportunyň dürli görnüşleri “2013 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda durmuşa geçirilýär. Bu sport bilen gyzyklanýan ýaşlar oňa içgin çekilýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Saglyk ýolundan bat alan welosiped kerweni paýtagtymyzyň ekologiýa taýdan arassa ýaşyl zolaklarynyň we edara binalarynyň sazlaşykly hataryny kenaryna düzen Arçabil şaýoly bilen Ankara köçesine tarap ýola düşýär. Az salymyň içinde açylyş dabaralarynyň başlanjak ýerine gelen Gahryman Arkadagymyzy ak sakally ýaşulular we din wekili garşy alýar. Toý ruhly bu duşuşykda hormatly Prezidentimiziň hut şu günki baýramçylyk tutumlarynyň, şeýle hem ähli başlangyçlarynyň, hususan-da Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şowly geçmegi hakynda ýagşy dilegler edildi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaşulular bilen mesawy gürrüňdeşlikden soň baýramçylyk çärelerine badalga berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Nebitgaz toplumynyň hasabyna bina edilen ýokary amatlykly 12 gatly, 72 öýli ýaşaýyş jaýyny, Aşgabat şäher Saglyk öýüniň we Hyzmatlar öýüniň açylyş dabaralaryna gatnaşandan soň ýene-de egindeşleri bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýola düşdi. Hormatly Prezidentimiz 10 ýyl abadançylyk köçesi bilen ýoluny dowam edip, Olimpiýa şäherjiginiň deňinden geçenden soň, Garaşsyzlyk şaýoluna düşüp, açylyş dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan ýerine geldi. Bu ýere ýygnanan ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin Arkadag Prezidentimiziň uzak wagtlap welosiped sürendigine garamazdan gujurly hem ruhubelentlik bilen hemmelere elini galdyryp gelmegi soňlanmajak ruhubelentlik paýlady. Hormatly Prezidentimiziň sürüp gelen welosipedine dakylan düýe ýüňünden örülen alaja bolsa welosipediň döwrebap dizaýny bilen sazlaşypdyr.
Hormatly Prezidentimiz ýene bir ýola ildeşlerimize, ýaşlara sagdynlygyň ynsan mertebesini belende göterýändigi bilen bagly görelde görkezdi. Sagdynlyk ähli üstünlikleriň gözbaşydyr. Beden sagdynlygyny saklamak üçin hemişe türgenleşmek gerek. Bu babatda welosiped sportuna aýratyn hormat goýýan Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýermek biziň her birimize sagdynlyk serpaýyny hem syrdamlyk peşgeşini bagyşlar.
17-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagy we Türkmen gawunynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde hem baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu çäreleriň ählisinde pyýada we welosipedli ýörişleriň geçirilmegi bolsa welosiped sportunyň biziň ýurdumyzda barha ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
“Nesil” gazeti,
19.08.2017ý.