Watan parahat — il abadan

 Hormatly Prezidentimiz 15-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini geçirdi.

 Agzybir halkymyzyň rahatlygyny, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmegi hemme zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini nobatdan daşary geçirmeginiň giň many-mazmuny bar. Bu ilkinji nobatda il-günüň abadançylygy, ýurdumyzda sentýabr aýynda geçiriljek halkara derejeli “Aşgabat 2017” oýunlaryna geljek myhmanlaryň rahatlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Halkymyza mahsus bolan myhmansöýerlik, eserdeňlik, açykgöwünlilik häsiýetlerini elmydama ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyz Oýunlaryň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek meselesine üns berip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we bu düzümde zähmet çekýän her bir adamyň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny ýatlatdy. Şol nukdaýnazardan ugur almak bilen tutuş ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna laýyk, bir aýyň galmagy mynasybetli 17-nji awgustdan başlap, 27-nji sentýabr aralygynda ýurdumyzyň ähli ýerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň güýçlendirilen düzgüniniň yglan edilýändigini aýdyp, bu baradaky buýruga gol çekdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu mejlisinde edaralaryň maddy enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hem birnäçesi kesgitlenildi.

 Hormatly Prezidentimiz “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly yglan edilen güýçlendirilen düzgün boýunça şu döwrüň dowamynda gümrük gözegçiliginiň güýçlendirilýändigini, wiza düzgünleriniň çäklendirilýändigini, serhetleriň ýapylýandygyny berk nygtady. Diýarymyzda geçiriljek il bähbitli, ýurt ähmiýetli sport baýramçylygy bilen baglylykda şu döwürde geçiriljek halkara sergileriň we maslahatlaryň has giçki möhletlere geçirilýändigini aýtdy.

 Mejlisde hormatly Prezidentimiz harby gullukçylaryň gulluk etmeginiň we olaryň maşgalasy bilen oňat şertde, rahat ýaşamagynyň meselesine hem seretdi.

 Hemmämize mälim bolşy ýaly, indi birnäçe ýyldan bäri her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk yglan edilýär. Bagtyýar raýatlarymyzyň, aýratyn hem ýaş nesilleriň ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kepili bolan bu çäräniň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyz biraýlygyň ýol hereketiniň düzgünlerini kadalaşdyrmagyň, sürüjileriň we pyýadalaryň düzgüni doly berjaý etmeginiň meselesine seretmek bilen, bu işde wagyz-nesihat çärelerini, her bir raýatyň ylaýta-da, ýaşlaryň şahsy jogapkärçiligini güýçlendirmegiň, ýurdumyzyň ýollarynda ýöremegiň, geçelgelerden geçmegiň wajypdygyny berk nygtady. Şu işde saglygy goraýyş ýerli ýerine ýetiriji edaralary bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň hem çetde durmaly däldigini, olaryň il arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmelidigini nygtady.

 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisinde bulardan başga-da harby we hukuk goraýjy edaralarynda işlejek mynasyp hünärmenleri saýlamak, Türkmenistanyň gümrük çäginiň üstünden geçýän ýükleri göwnejaý barlamagy üpjün etmek, ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek, hukuk düzgünleriniň dünýä tejribesini ýurdumyzyň ýagdaýyna kybaplaşdyrmak, esasan-da “Aşgabat 2017” oýunlaryna gelýän daşary ýurtly myhmanlary guramaçylykly garşylamak meselelerine aýratyn üns berildi. Mejlis milli Liderimiziň oňa gatnaşyjylara asudalyk, rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuwlamagy bilen tamamlandy.

“Nesil” gazeti,

17.08.2017ý.

 

Meňzeş habarlar