TÜRKMENISTAN – GÖZEL MEKAN

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli fotosuratçylaryň arasynda yglan edilen «Türkmenistan – gözel mekan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistan Diýarymyzyň gözel künjeklerini, ýurdumyzyň gazanan ösüşlerini, beýik özgertmelerini fotoapparat arkaly surata düşürip, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary medeniýete, sungata we döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ilaman Çüriýew baş baýraga, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy Diýar Yhtyýarow birinji orna, «Arkadag» gazetiniň fotohabarçysy Myrat  Baýramow ikinji orna,  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn-asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bölüm müdiri Nowruz Güýjow üçünji orna, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Altyn Hojamowa, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy  Aýjahan Hojamyradowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby Guwanç Ödäýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Selim Resulow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 140-njy orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Güljeren Saparowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Nurana Rahmanowa dagylar höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli we arassa ahlakly ynsanlar bolup ýetişmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Indiki makala

TALYP YLHAMY

Meňzeş habarlar

10 Iýun 2025 | 59 okalan

TALYP YLHAMY

10 Iýun 2025 | 47 okalan

TÜRKMENISTAN – GÖZEL MEKAN