DIL ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI

      Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlaryna ýüzlenip: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip belleýär. Ajaýyp zamanamyzda ene dilimizi we daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmäge, ylym-bilimi özleşdirmäge ruhlandyrýar.

      Daşary ýurt dillerini bilmek bütin dünýäde möhüm ähmiýetli ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dilini bilmek häzirki zaman dünýäsine giň ýol açmakdyr. Adam näçe köp dil bilse, şonça-da gözýetimi giň bolýar, jemgyýetde özüni has-da ynamly alyp barmagyna, beýleki halklaryň wekilleri bilen aragatnaşyk saklamaga, şeýle hem dürli çeşmelerden peýdalanyp bilmegine şert döreýär. Dil bilmek onuň medeni derejesiniň ösmegine, özüni şahsyýet hökmünde kämilleşdirmäge, oňa hünär ussatlygyna ýetmäge itergi berýär.

      Islendik daşary ýurt dili öwrenilende, ýatkeşligiň gowy bolmagy zerurdyr. Sebäbi başga dil özleşdirilende, köp möçberde sözleri we diliň grammatik gurluşyny ýatda saklamaly bolýar. Şonda ýada ep-esli agram düşýär. Her bir täze sözüň öwrenilmegi bilen beýniniň işjeňligi artýar. Adaty okamak, ýazmak, diňlemek, krosswordlary çözmek we şuňa meňzeş akyl işleriniň ýerine ýetirilýän döwründe neýron baglanyşygy has-da ösýär, ýagny ýatkeşlik näçe ýygy-ýygydan türgenleşdirilse, şonça-da adaty sport zalyndaky ýaly, beýniniň «myşsalary» güýçlenýär. Adam ünsli kabul eden maglumatyny gaýtalamak esasynda ýadynda berk saklaýar, pikirleniş arkaly seljerýär, netijede, oňa sözleýişde ýa-da zähmet işinde amal edip bilýär.

      Beýnimiziň käbir wakalary ýatda saklap, beýlekilerini ýatdan çykarmak ukyby alymlary hemişe gyzyklandyrypdyr. Ýeri gelende bellesek, köp gaýtalanyp, beýnä ýazylan maglumatlar sözleýişde işjeň ulanylan ýagdaýynda ýatda berk galyp biler. Sebäbi ýadyň gysga we uzak möhletli görnüşleri bar. Başga dil öwrenilende, dil maglumatlarynyň uzak möhletli ýatda galmagy gowy netijeleri berýär. Uzak wagtlap ýatda saklamagyň daşary ýurt dilini öwrenýänlere ileri tutulýan wezipe bolýandygy üçin, öwrenmekde yzygiderliligi we aýratyn usullary ulanmak möhümdir.

      Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň birnäçe usuly bar. Olaryň arasynda giň ýaýran görnüşleri aşakdakylardyr:

      Grammatik-terjimeçilik usuly. Bu usulda grammatik düzgünleri öwrenmäge, söz baýlygyňy giňeltmäge, tekstleri terjime etmäge we sözlük bilen işlemäge aýratyn üns berilýär.

      Audiolingwal usuly dil maglumatlaryny gaýtalamak, söz jümlelerini «ýat tutmak» usulydyr.

      Kommunikatiw usul. Bu tär dolulygyna dil tejribesine we dili özleşdirmekdäki päsgelçilikleri ýeňip geçmäge gönükdirilýär, onda sapaklaryň 70 göterime çenlisi gepleşige bagyşlanýar.

      Bu usullaryň her biri gysga ýa-da uzak möhletli ýada dürli derejede öz täsirini ýetirýär. Şol täsir dili özleşdirmekde kynçylyklary hem döredip bilýär. Şeýle päsgelçiligi aradan aýyrmak üçin bu usullaryň hersinden ýerlikli peýdalanmaly. Dili kommunikatiw usulda özleşdirmäge çalşylmagy has-da oňyn netijäni berýär. Ikinji dil öwrenilende, kadalara, çyzgylara, sözleýiş nusgalaryna esaslanyp, dil birliklerini aragatnaşyk maksady bilen ulanmak üçin amaly endikler özleşdirilýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine görä, manysyna düşünilip kabul edilen maglumat, düşünilmän kabul edilen maglumata garanyňda, ortaça, 22 esse gowy ýatda galýar diýip tassyklanylýar. Şu sebäpden, ýatkeşligiň ýitiligini saklamak üçin, ýatda saklanylýan sözleriň we söz düzümleriniň manysyna gowy düşünip, sözleýişde işjeňleşdirmek bilen sözlük goruňy baýlaşdyryp bolýar.

      Käbir adamlar ýatkeşliginiň pesdigine we giň gerimli maglumaty ýadynda saklap bilmeýändigine esaslanyp, dil öwrenmäge synanyşmaýarlar. Aslynda, adamyň ýady 25 ýaşa çenli ösmegini dowam edip, 50 ýaşdan soň bolsa onda peselmek alamatlary ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, ýady yzygiderli türgenleşdirmek arkaly bu ýagdaýy haýallaşdyryp bolar. Beýniniň köp hyzmatlary ýaly, ýadyň hem ösmek mümkinçilikleri bar. Biziň ähli ýerine ýetirýän hereketlerimiz beýnimiziň gözegçiliginde bolup geçýär. Şonuň üçin öz-özümizi gözegçilikde saklap, ýadymyzy işjeňleşdirip, ony düýpli gowulandyryp bileris.

      Soňky ýyllarda internetiň ösmegi, dürli kompýuter programmalarynyň döremegi, görkezip okatmak usulyndan işjeň peýdalanylmagy daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegini köp derejede üýtgetdi. Şeýle giň mümkinçilikleriň we dürli çeşmeleriň barlygy dili özleşdirmek mümkinçiligine oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa görüş we eşidiş arkaly okuw maglumatlaryny uly gyzyklanma we höwes bilen kabul etmäge ýardam edýär.

      Gowy ösen ýadyň bolmagy daşary ýurt dillerini ýeňil özleşdirmäge, şeýle hem adamyň beýleki ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

 

 

Reýhan SEÝIDOWA,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy.

«Mugallymlar» gazeti.

20.11.2023 ý.