HALK MASLAHATY: BEÝIK BAŞLANGYÇLAR, TARYHY ÇÖZGÜTLER

     Şu gün Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň hem-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa bu ýerde okap bilim alýan bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek we wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalan meseleler we öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýlen beýik adyň dakylmagy mynasybetli buýsanç doly gürrüňler edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA