«PYRAGY HEM ARKADAG – DÖWÜRLERE ŞAMÇYRAG»

     Şeýle şygar bilen şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Umyda Kakaýewa alyp baryp, onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň esasy hünärmeni Ogulnar Baýramowa we Aşgabat şäheriniň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçysy Dursun Jumageldiýewa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet galamyndan, çuňňur zehininden syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp eseriniň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny özünde jemleýän, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, beýik söz ussady dana Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 250 okalan

«GURÝAN DÖWLET – GURPLY DÖWLET»

19 Iýun 2025 | 101 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA