Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde etrap häkimliginiň mejlisler zalynda 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 16-syna geçirilen Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasy» atly täze kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen Esenguly etrabynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde giň gerimli işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny bellenip geçildi. Kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän bu gazna döredilen gününden bäri netijeli işleri alyp barýar. Onuň baş maksady ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan hem-de aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlar hakyndaky aladadyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çap edilen we giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjek täze kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen birnäçe bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ugra bagyşlanandyr. Kitapda bellenilişi ýaly, bu gaznanyň döredilmegi ýurduň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlaryna ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara Aşgabadyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär diýip bellenip geçildi. Çykyşlaryň ahyrynda şeýle hem ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni