TÜRKMENISTANLY HOKKEÝÇILER AZIÝANYŇ WE OKEANIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA IŇ NETIJELI OÝUNÇYLARYŇ ILKINJI ÝEDILIGINDE

Türkmenistanly hokkeýçiler Matweý Arhipow bilen Röwşen Aşyrow 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň yzda galan dört tapgyryndan soňra iň netijeli oýunçylaryň ilkinji ýediliginden orun almagy başardylar.

Bu hokkeýçileriň ikisi hem dört duşuşykda dört şaýba geçirdi. Şeýle hem sanawyň 12-nji ornunda üç gezek tapawutlanan Serdar Durdyýew, 18-nji basgançagynda iki gezek tapawutlanan Allan Muhyýew bar. Türkmen hokkeýçilerinden Nazar Orazow, Nazar Želtýakow, Alyhan Aliskerow, Elman Isaýew dagylar bolsa ýaryşda bir şaýbadan geçirdiler.

Sanawyň başyny 13 şaýba bilen özbegistanly hokkeýçi Jasurbek Rustamhonow çekýär. Ikinji orunda BAE-li Aleksander Simonow (8), üçünji orunda mongoliýaly Çinzolboo Mişigsuren (6) bar.