MALAÝZIÝANYŇ FUTBOL ASSOSIASIÝASY TÜRKMENISTAN BILEN ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGYNYŇ GEÇIRILJEKDIGINI TASSYKLADY

Malaýziýanyň Futbol Assosiasiýasy ýurduň milli ýygyndysynyň Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini tassyklady. Bu barada Malaýziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Malaýziýanyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylaryň arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2023-nji ýylyň 23-nji martynda Johor (Malaýziýa) ştatyndaky Soltan Ibragim adyndaky stadionda geçiriler. Duşuşygyň başlanjak wagty heniz mälim edilmedi.

Häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde Malaýziýanyň milli ýygyndysy bolsa 145-nji ýerde barýar. Malaýziýanyň milli ýygyndysyna koreýaly hünärmen Kim Pan Gon tälim berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan we Malaýziýa şu wagta çenli ýaşyl meýdançada diňe birje gezek duşuşdy. 2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.