AŞGABADYŇ TARYHY

Aşgabadyň taryhy ýüzýyllyklaryň jümmüşine gidýär we gönüden-göni türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşyklydyr. Aşgabadyň has giňden ýaýran adynyň biri “aşyklar şäheridir”. Türkmen dilindäki “yşk” sözi “söýgi”, “yhlas” we “höwes” diýmegi aňladýar. “Abad” “abadanlaşdyrylan, hemme zady ýerbe-ýer”, “ilat ýaşaýan” diýmegi aňladýar.

Aşgabadyň döremegi (ýagny onuň häzirki ýerleşen ýerinde – Kesearkaç düzlüginde hut şeýle atly şäheriň emele gelmegi) has takyk derejede azyndan XVIII-XIX asyrlaryň çäginde, haçanda Günorta Türkmenistanda uzaga çeken syýasy krizisden we çuň ykdysady pese düşmeden soň, şäher görnüşli ilatly ýerleriň we kiçi şäherleriň döremegi we ösmegi üçin şertleriň dörän döwri bilen baglanyşdyrylýar. Olara Abiwerd, Änew, Nusaý, Durun, Gyzylarbat (häzirki Serdar), Mehin we beýlekiler degişlidir. Aşgabat hem edil şolar ýaly ilatly ýer bolupdyr. Onuň XIX asyrdaky topografiýasy barada hiç zat saklanyp galmandyr, diňe döwürdeşleriniň az sanly ýazgylarynyň şaýatlyk etmegi boýunça netije çykarylýar. Olaryň has irkileri 1811-nji ýyla degişlidir. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň arhiwinde 1850-nji ýylyň resminamasy saklanylýar. Ol kyrk üç sany ahal galalarynyň sanawy bolup, olaryň içinde Işkibady bar. Wagty boýunça örän bölekleýin beýleki maglumat ýene-de rus çeşmelerinde duşýar. Syýahatçy I.I.Stebniskiýniň belleýşi ýaly, 1871-nji ýylda Ashabad (soňra şeýle atlandyrylyp başlaýarlar) şäheri Hywa we Parfiýa bilen söwda işlerini alyp barypdyr. Onda ýaşaýanlar gallaçylyk we bagbançylyk bilen meşgullanypdyr, onda berkitmeler hem bolupdyr. Stebniskiý Ashabadda we onuň töwereginde dört müňe golaý öý sanapdyr, bu ol ýerde 16-20 müň adam ýaşap biler diýip çaklamaga esas berýär.

Öz döwründe uly ähmiýete eýe bolan wajyp forpost bolan Ashabad 1881-nji ýylyň maýynda Zakaspiý oblastynyň edara merkezi bolýar. Hut şonda şäher gurluşygynyň esasy goýulýar. 1882-nji ýyldaky gulluk ýazgylarynda Ashabad eýýäm şäher diýlip atlandyrylýardy. Ilat sany we ösüş depgini boýunça Ashabad ilki, hatda Daşkentden-ägirt uly Türküstan ýurdunyň merkezinden hem öňe geçipdir. Ashabad üstünden Hywa we Persiýa kerwen ýollarynyň geçmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr.

1905-nji ýylda Ashabad Daşkentiň üstünden demir ýol arkaly Russiýanyň merkezi etraplaryna ikinji çykalga eýe bolýar. Onuň tranzit merkezi hökmünde hyzmaty has hem artýar, Ashabadyň Eýranyň Horasan welaýaty bilen aragatnaşygy has hem giňeýär.

1915-nji ýylda Aşgabatda aglabasy ýarym hünärmentçilik bolan 68 sany kärhana bolupdyr. Has irileriniň hataryna demirýol deposy, üç sany tipografiýa, elektrostansiýa, üç sany pagta arassalaýjy, ýag, gön, 35 sany kerpiç zawodlary degişlidir. Russiýanyň döwlet bankynyň, Periýanyň hasap-ssuda bankynyň, Rus-Aziýa bankynyň, “Sosýete General” fransuz bankynyň Ashabad bölümleri açylypdyr.

Şäheriň ösüşiniň täze döwri diňe Orta Aziýa halklarynyň milli bölünişiginiň netijesinde (1924 ý.) Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasy döräp, Sowet Soýuzynyň düzümine gireninden soň başlanýar, 1925-nji ýylyň fewralyndan bolsa Poltorask şäheri (Aşgabady şeýle atlandyrýarlar) onuň paýtagty diýlip yglan edilýär. 1927-nji ýylyň 7-nji aprelinde şäher Aşgabat diýlip atlandyrylyp başlanýar.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýarym gijeden soň, 1 sagat 17 minutda Aşgabat güýçli ýertitremesiniň merkezinde bolupdyr. Ýerasty urgynyň güýji Rihteriň şkalasynda 9-10 bala ýetipdir. Ýertitremäniň netijesinde Aşgabat dolulygyny weýran bolýar, şondan soň şäheri täzeden dikeltmek işleri başlanýar.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda Aşgabadyň respublikanyň ykdysady, ylym, bilim, medeni merkezi hökmündäki ähmiýeti has artdy. Ol tranzit demir ýolunyň, onuň gapdalyndan çekilen Krasnowodsk Aşgabat Çärjew gara ýolunyň we howa menziliniň netijesinde has iri ulag merkezine öwrülýär. Howa ýollary Aşgabady beýleki soýuz respublikalarynyň paýtagtlary, Russiýanyň uly şäherleri, Kawkazyň we Krymyň şypahanalary, şeýle-de Türkmenistanyň demir ýoldan uzakda ýerleşen ilatly ýerleri bilen baglanyşdyrypdyr.

1951-nji ýylda Aşgabatda SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň Türkmen şahamçasynyň esasynda milli Ylymlar akademiýasynyň açylmagy oňa paýtagtlyk ähmiýeti berdi. Türkmen döwlet uniwersiteti we birnäçe ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri açylýar.

Aşgabadyň taryhy ykbalynyň täze döwri Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen başlanýar. Görlüp-eşidilmedik gysga döwrüň içinde Aşgabat we onuň daş-töwereginde köp sanly täsin hem haýran galdyrýan binalar guruldy. Soňky ýyllar binagärçilik özgertmeleri türkmen paýtagtynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, onuň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döredýär.

Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr.

Şeýle hem bellenilmeli zatlaryň biri, ol hem 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk imijiniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Bu gün Aşgabat ýurduň syýasy durmuş-ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir, onuň aýratyn derejesi «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Kanun bilen kesgitlenendir.

Türkmen paýtagtynyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy hem barha artýar. Bu ýerde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir.

Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtyň häzirki zaman keşbiniň kemala getirilmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzyň gözelleşmegi onuň arassaçylygyny gorap saklamak her bir türkmen halkynyň borjy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyzy barha gülläp ösmeginde Watanmyzyň şan-şöhratynyň at abraýynyň hasda belent derejelere göterilmegine watanmyzyň waspyny arşa galdyrmakda ýaşlarmyzyň paýy bar.Bize şeýle ajaýyplyklary döredip berýän ýaşlara ähli babatda uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan il ýurt bähbitli tutuş adamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Mart 2023 | 3 okalan

MAGTYMGULY PYRAGY

28 Mart 2023 | 47 okalan

YLYMLY-BILIMLI BAGTYÝAR ÝAŞLAR!