Bu gün türkmen ili bütin dünýäde watansöýüji halk hökmünde giňden tanalýar.Geçmişde türkmen topragynyň üstünden dünýäniň şahyrlary, akyldarlary söwdegärleri gatnapdyrlar. Olar türkmen halkynyň agzybirligine, watansöýüjilik häsiýetlerine öz ýürek ýazgylaryny galdyrypdyrlar. Dogrudan-da biziň halkymyzyň zandynda halallyk, pespällilik, maksada okgunlylyk hem-de watansöýüjilik häsiýetleri bardyr. Bu häsiýet atalarymyzyň göreldesi, enelerimiziň hüwdüsi bilen biziň aňymyza hem-de ganymyza berk ornaşan häsiýetdir. Bu häsiýetler türkmen ilimizi hemişe bütin dünýäde beýik edip görkezýän ajaýyp häsiýetlerdir. Biz bu günki gün baky bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bol-elin hem-de eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýarys.Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler gönüden göni halkymyzyň ykbalyna aýratyn ýakym çaýdy. Biz şeýle ajaýyp watanda ýaşaýandygymyza, zähmet çekýändigimize tüýs ýüregimizden buýsanýarys.Çekýän zähmetimiziň ýerine düşmegi, yhlasymyzyň gowuşmagy-bularyň aňyrsynda “Watan diňe halky bilen watandyr-döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýip şu watanyň agzybirligi, mizemezligi ugrunda çekýän tutanýerli zähmetleri bardyr.Türkmen taryhynyň älem-jahana ýaň salan zamanalarynyň ruhy Mähriban Arkadagymyzyň esaslandyran bagtyýar döwrümizde mynasyp dowam edýär.Biziň halkymyz 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip ruhubelentlik bilen atlandyryldy. Bu bolsa ýaşlarymyza bildirilen ägirt uly Beýik ynamdyr.Ýaşlarymyzyň ähli taraplaýyn ajaýyp döwürde okamaklaryna, zähmet çekmeklerine esasdyr. Eziz Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty il-günümiziň ähli taraplaýyn bagtly durmuşda ýaşamagynyň aýdyň kepilidir.Biz şeýle ajaýyp watanda ýaşaýandygymyza, zähmet çekýändigimize tüýs ýüregimizden buýsanýarys.
Mälim bolşy ýaly her ýylyň 27-nji ýanwarynda watan goragçylarynyň güni mynasyp derejede bellenilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram mynasybetli diýarymyzda aýdym-sazly giň gerimli çäreler ýaýbaňlandyrylýar.Watan goragçylarynyň güni ýatdan çykmajak toýly-tomaşaly ajaýyp günlere beslenýär.Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan, bäş müň ýyllyk taryhy bolan, merdana pederlerimiziň döş gerip goran ata-watanymyzyň asudalygyny gorap,halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli zähmeti diýseň bimöçberdir. Hut şonuň ýaly hem bu günki gün ata-watanymyzda edermen watan goragçylary hem ünsden düşürilmeýär.Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir, zähmetsöýer işgärleri hem şowhuna beslenip geçirilýän watan goragçylarynyň günini uly ruhubelentlik bilen garşy alýarlar.Bu günki gün ýurdumyzda edermen watan goragçylarynyň işleri ýurdumyzda asudalygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglanylmagy, olara harby we ýörite atlaryň dakylmagy, hünär derejelerini berilmegi watan goragçylaryny aýratyn buýsandyrýar.
Goý, eziz ata-watanymyzyň asudalygyny gorap saklamakda edermenlik görkezýän watan goragçylarynyň baýramy gutly bolsun.Türkmen ilimizi parahat durmuşda, asuda günlerde ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak uzak bolsun.
Annajahan ILLEKOWA,
Aşgabadyň Dokma Toplumynyň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar
guramasynyň başlygy.