Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär we ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda gazanylýan uly üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, Garaşsyz Diýarymyzyň binýadynyň örän berkden tutulýandygyndan habar berýär. Bu ýetilýän sepgitleriň sakasynda bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda edýän bimöçber aladalary duýulýar. Çünki hormatly Predentimiz halka daýanyp halkyň hatyrasyna ägirt uly işler amala aşyrýar.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp, ýylyň şygarynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi guwandyryjy wakalaryň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu ajaýyp ýylymyz, ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” biz ýaşlary, ýaş nesillerimizi diýseň begendirdi we buýsandyrdy. Şu ajaýyp ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagyndan ruhlanan, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň kalby, eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli balangyçlaryna bolan buýsançdan doly.
Hakykatdan hem, ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada öz mynasyp ornuny tapýar. Hormatly Prezidentimiz elmydama ýaşlar baradaky aladany üns merkezinde saklaýar. Sebäbi şugünki ýaşlar baradaky alada biziň röwşen geljegimiziň kepili bolup durýar. Bu röwşen geljek bolsa ýaşlarymyzyň çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini talap edýär. Biz hem Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň “Ýaşlar- mähriban Watanymyzyň geljegi” diýen sözlerini özümize baş şygar edinip, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatlaryny doly derejede goldap, Watanymyza mynasyp ýaş nesli kemala getirmek-de, olaryň watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerinde yhlasly zähmet çekeris.
Pursatdan peýdalanyp, halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun. Goý, Täze 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýurdumyzy täze belentliklere beslenjek ýyllaryň biri bolsun!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.