Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ata-babalarymyzdan nusga bolup, asyrlarboýy dowam edip gelýän türkmeniň el işleridir keşdelerini bütin dünýä tanaýar. Özüniň gözelligi, nepisligi bilen täze öwüşginler çaýylyp, ýaşlaryň söýgüsini gazanyp bilýän milli lybaslarymyz türkmen toýlarynyň, baýramlarynyň bezegi bolup durýar. Şol ajaýyp lybaslara döwrebap bezeg berýän eli hünärli zenanlarymyza guwanýarsyň. Ata-babalarymyzyň miras goýýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir. Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr.
Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan diýseň asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen, başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: “Gyz edebi-il edebi”, “Gyz gylygyndan belli” diýşi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär. Halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da, üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi bolsa, möhre öwrülen kesp-kärlerimiziň durum-durkundan, kämilliginden habar berýär. Maşgalada ýeňňe-baldyzyň arasyndaky mähirli ýakyn gatnaşykdan, agzybirlikden habar berýän mährem Ogulabat ejemiziň nusgalyk ömür ýoly, mähir – söýgi siňdirip döreden çeper el işleri biziň her birimiz üçin görüm-görelde, uly durmuş mekdebidir.
Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten şäher medeniýet merkezinde edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda “Dünýä mirasynda nepis sungatym, barha artýar millilige hormatym” ady bilen çäre geçirildi. Bu çärede gyz-gelinler özleriniň döreden nepis el işleri bilen çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap häkimliginiň hünärmeni, Zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Oguljennet Baýhanowa dagylar çykyş edip, olar milliligimize, sungatymyza beýik sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.
Goý, biziň milliligimizi dünýä çykarýan, zenanlaryň abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Uzukjemal ÖMÜROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.