Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bize görelde mekdebidir

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildiniň elimize gowuşmagy mynasybetli tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Maslahatda çykyş eden adamlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýänligini nygtadylar. Örän gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde iň häzirki zaman, ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalar, keseli anyklaýyş merkezler, türkmen topragynyň derde derman ösümliklerinden derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurulandygyny aýtdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemme ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyşda-da täze ösüşler gazanylýar, belent üstünliklere ýetilýär. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemme taraplaýyn ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli-de, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatly derejesine ýetirilen halk lukmançylygynda ulanan ösümlikleriniň dürli dermanlyk häsiýetleri we aýratynlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Gahryman Arkadagymyz häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazanylanlary üstüne goşmak bilen, köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmeniň dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly ylmy işini, olaryň melhemlik häsiýetlerini «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirýär diýip bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynyň maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler baradaky bilimlerini baýlaşdyrmak, ösümlikleriň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylykda peýdalanylyşy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri dogrusyndaky ylmy maglumatlary ýetirmek bolup durýar diýip uly buýsanç bilen bellediler hem-de Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe okamaga, işlemäge döretmäge ähli babatda mümkinçilikler bildirýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza buýsanç sözlerini aýtdylar.

 

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR