Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň kiçi mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi çäräni Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Zenanlar guramasy we Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde “Zenan mertebesi gaýtalanmajak mukaddeslikler” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Watan buýsanjyna ygrarly zenanlarymyzyň “bir supranyň” başyna jemlenip, milli däp-dessurlarymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek, türkmen zenanlaryna mahsus edep-ekramlylygy, ahlaklylygy aýap saklamak baradaky terbiýeçilik ähmiýetli özara pikir alyşmalarynyň, özara sazlaşygyň inçe syrlary yzarlanýar.
Perzendi dünýä beren ene onuň sagdyn ösüp-ulalmagy, sowatly, ylymly-bilimli, hünärli, il-günümize, eziz Watanymyza wepaly bolmagyny gazanýar. Ilkinji terbiýäni maşgalada alan çaga soňra çagalar bagynyň, ak mekdebiň gujagyna dolýar. Haýsy-da bolsa, bir käre, hünäre höwesli oglan-gyzlar ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň gapysyny kakýarlar. Ylym ojaklary arasyndan ökdesi saýlap alynýar. Ata Watanmyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarmyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllykdan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler. Mynasyp nesil terbiýesi biziň rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran zenanlarymyzyň boýnuna düşýän esasy borçlaryň biridir. Elbetde, zähmetde we durmuşda uly üstünlikler gazanýan şeýle zenanlarymyza biz buýsanmaga we guwanmaga haklydyrys.Talyp gyz-gelinlerimiziň arasynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy edep-ekram mekdebi bolan zenanlarymyz, gyz-gelinlerimiziň edep-terbiýesiniň ähmiýeti dogrysynda geçirildi. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu duşuşyk netijeli ähmiýete eýe boldy.
Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.