TÜRKMENISTANYÑ GARAŞSYZLYGY-BAGTYÝAR GELJEGIMIZIÑ BUŞLUKÇYSY

Diýarymyza Baş baýramymyz-Garaşsyzlygymyzyñ 31 ýyllyk baýramy ýetip geldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyñ dabaraly toýunyň bellenýän “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzyñ her bir güni toýdur baýrama, şatlyk şowhuna beslenýär. Muňa mysal edip, şu ýylyň maý aýynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumyny hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Zenanlarynyň dialogyny, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatynyň ýokary derejede geçirilendigini bellemek bolar. Bu barada BMG-nyň Baş Assambleýasynda hem aýratyn bellenip, eziz Watanymyzda geçirilen maslahatlaryň resminamalary BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, dünýä ýaýradylmagy, her bir türkmen raýatynyň başyny göge diretdi. 1991-nji ýylyñ altyn güýzünde ata-babalarymyzyñ arzuwlan erkinligi wysal boldy. Bu gün öz mähriban, asuda Watanymyzyñ Garaşsyzlygynyñ 31 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu - biziñ baş baýramymyz. Biz oña buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziñ tuwagy, başymyzyñ täji bolan bu baýram bagtymyzyñ çüwmegidir, bagtyýar geljegimiziñ buşlukçysy bolup çykyş edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyñ dowamynda halk hojalygynyñ ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetildi. “Türkmenistanda öndürilen” belgili harytlar dünýä çykyp başlady.

Garaşsyzlyk! Sen biziñ ilimize egsilmez bagt bolup geldiñ, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyñ!

Güýjümize güýç goşdyñ, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup doldyñ!

Üstünlikleriñ sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tutýan tutumlarynyñ mundan beýläk hem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyñ asuda, halkymyzyñ abadan bolmagyny arzuw edýäris. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan hormatly Prezidentimiziñ jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Şanly Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!

Selbi Amansähedowa,

Türkmen döwlet maliýe

institutynyñ 1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

28 Noýabr 2022 | 61 okalan

ÝAŞLAR – BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

23 Noýabr 2022 | 95 okalan

BUÝSANÇLY KALBYMYŇ JOŞGUNY