«Bagtyýar nesiller – Watan guwanjy»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn bedenli, kämil aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary babatynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan, golaýda etrabyň çagalar we ýetginjekler öýünde «Bagtyýar nesiller – Watan guwanjy» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň birnäçesi öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň döreden eserlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň, Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy giňden beýan edilýär. Ýaşlaryň döredijiligi, olaryň kämil eserleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Täze taryhy zamanamyzda bagtyýar ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döredijiligiň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

     Ogulhan Serheňowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

13 Maý 2022 | 137 okalan

«Bagtyýar nesiller – Watan guwanjy»

26 Aprel 2022 | 416 okalan

ÝAŞLARYŇ SUNGATYNA HORMAT