TÜRKMEN BEDEWLERINE BILDIRILÝÄN SARPA

Ahalteke bedewleriniň ata-babalary – şöhratly “nusaý atlary” tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň jedelsiz subutnamasy hasaplanýar.

Mälim bolşy ýaly, köpsanly rowaýatlarda we kyssalarda wepalylygy hakynda gürrüň berilýän behişdi bedewleriň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri gözelligi we ajaýyplylygy boýunça deňi-taýy bolmadyk täsin bedewleri mähir bilen ösdürip ýetişdirdiler hem-de kemala getirdiler. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzir hem türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy we ylham joşguny, onuň milli baýlygy bolmagynda galýar.

Her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu nurana baýramyň öňýanynda ýurdumyzda tohum atlaryň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bu bolsa ajaýyp çapuw atlaryny kämilleşdirmäge ýardam edýär.

2022-nji ýylyň 20-nji aprelinde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu forum arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen iş salyşýan dünýä döwletleriniň atşynaslary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär.

Türkmenistanda — meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.

2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şu maksatlara hyzmat etmäge gönükdirilendir. Assosiasiýa dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, mazmunyny bilelikdäki täze taslamalar hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Häzirki döwürde bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasy bar. Şolaryň alyp barýan işleriniň netijesinde ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki döwürde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi netijesinde, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işler özgertmelere gönükdirilen bitewi syýasatdan gelip çykýar we şunda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine hem-de aýawly saklanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Merdan BAÝJANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2022 | 55 okalan

Wagyz-nesihat çäresi