BEDEWE BAGYŞLANAN MUKAM

Ýyndamlygy, çydamlylygy, duýgurlygy taýdan aýratyn tapawutlanýan türkmen atlarynyň at-owazasy uzak döwürlerden bäri dünýäniň ähli halklarynyň arasynda meşhur bolupdyr. Ahalteke bedewiniň owadanlygy barada bir agyzdan oňa sungat eseri diýse bolar. Ony birgören, bir synlan adam oňa hemişelik aşyk bolýar, ondan gözüni aýryp bilmeýär.

Meşhur ahalteke bedewleri Gökdepe galasyny goraýjylara-da köp sanly gahrymançylyk görkezmekde uly goldaw beripdir. Bir söz bilen aýdanyňda, synlap, seredip doýup bolmaýan, ýyndam, çydamly, umuman, oňat sypatlaryň hemmesini özünde jemleýän, sungat eseri bolan türkmen bedewini näçe taryp etseň bärden gaýdýar.

Ahalteke bedewleriniň şöhratyny äleme dolduran Gahryman Arkadagymyz: “Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň hakyky täsinligidir, türkmen halkynyň kalbynyň ganatydyr, biziň milli buýsanjymyzdyr” diýip, bedewlerimize ýokary baha berýär. Bu ýöne ýerden däldir. Bu Arkadagymyzyň türkmen taryhyny çuňňur bilýändiginden, türkmen döräli bäri onuň atsyz oňmandygyna, atyňy gerek bolsa dogandanam ýeg saýýandygyna düşünýändiginden nyşan. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň döredijiliginde, şeýle hem halk döredijiliginde-de bedewe uly sarpa goýulýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem türkmen bedewlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyr şygyrlarynda döwri üçin zerur bolan bu ajaýyp, täsin jandar hakynda öz pikirini beýan edipdir. Magtymgulynyň şygyrlarynda bedew atyň bolmagynyň zerurlygy şeýle nygtalýar:

Ýigidiň bolmasa ýaragy,  aty,

Şony belli biliň, ýokdur gaýraty

ýa-da

Ýigidiň  dünýäde üçdür myrady:

Mahbub ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.

Magtymgulynyň wasp eden bedewleriniň gymmaty miras hökmünde biziň günlerimize ýetmeginde, elbetde, türkmen seýisleriniň uly hyzmaty bardyr. “Görogly” şadessanynda türkmeniň ata bolan söýgüsi has-da belende galýar. Onda Jygalybeg seýisçiligiň piri derejesine göterilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän bu sungat türkmeniň ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde usulyýet mekdebidir.

Goý, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe gitsin!

Laçyn HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby, “Paýhas we parasat” gurnagynyň agzasy

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2022 | 54 okalan

Wagyz-nesihat çäresi