TÜRKMEN – HYTAÝ ÝAŞLARYNYŇ HYZMATDAŞLYGY BARHA ARTÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň bäş döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy mynasybetli seminar geçirildi. “Dostluk taryhy boýunça Ýaşlar seminary” ady bilen geçirilen  bu seminara Merkezi Aziýanyň bäş döwletleriniň, ýagny, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan Respublikalarynyň we Türkmenistan döwletiniň Ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, şeýle hem Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Hytaýdaky bäş döwletleriniň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri gatnaşdylar. Bu dostluk seminarynyň esasy maksady ýaşlaryň ösüş sebitinde hyzmatdaşlygyny artdyrmakdan, medeni alyş-çalyşygynda we telekeçilik innowasiýalarynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.  

Mälim bolşy ýaly, Iki döwletiň deňlige, birek-birege hormat goýmagyna we bähbitlere özara garamagyna esaslanýan çemeleşmäniň netijesinde ýokary derejeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen – hytaý strategiki hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ünsi tassyklaýan Dostluk we Hyzmatdaşlyk şertnamasynda-da berkidildi. Şeýle hem      Türkmenistan bilen Hytaý global howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde hyzmatdaşlyk ýörelgesine eýerýärler. Hytaý Halk Respublikasy, milli Liderimiziň halkara başlangyçlaryny goldaýar we bitaraplygyň oňyn derejesine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasat ugruna hormat goýýar.

Çykyşlaryň dowamynda hem şular dogrusynda, şeýle hem ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, hususyýetçilik ulgamynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakda mundan beýläk-de alnyp barylmaly işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler we özara tejribelerini paýlaşdylar.  

Merjen MUHAMMEDOWA,

TMÝG-iň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar