Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede guramaçylykly belleniler. Şeýle hem resminama bilen bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Täzelikler
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede belleniler
13 Fewral 2021
9080

Meňzeş habarlar
04 Iýun 2025
| 1 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW...
03 Iýun 2025
| 26 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMEN-MONGOL GEPLEŞIKLERINIŇ NETIJESINDE 14 RESMINAMA...
30 Maý 2025
| 1094 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>