Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi bilelikde Türkmenbaşy Dokma Toplumynda zähmet çekýän dokmaçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler dokmaçylara ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşup, halal zähmet çekmekligi ündediler. Halkymyzyň saglygy we eşretli ýaşaýşy üçin atalyk aladalaryny gaýgyrmaýan milli Liderimiziň dünýä nusgalyk tutumly işleriniň mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmegini arzuw etdiler.
Kerwenmyrat BABAÝEW,
Türkmenbaşy Dokma Toplumynyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Tejen etrap hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi — Arkadagyň göreldesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent, belent adamkärçilikli, ylymly-bilimli, hünär taýdan kämil adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan döwletli işleri barada gürrüň berdiler. Döwletimizde halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler.
Nejep ÝAZGULYÝEW,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň işgäri.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Baýramaly şäheriniň Medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Bitarap, parahat Türkmenistanym!» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýüreklere buýsanç, köňüllere nur paýlan aýdym-sazly çärede çykyş edenler halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Marýam UMAROWA,
TMÝG-niň Baýramaly şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrmak, sport bilen meşgullanmaklaryny höweslendirmek, şeýle hem olara sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen sport bäsleşigine Çärjew etrabynyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-11-nji synp okuwçy oglanlar gatnaşdylar. Çärjew etrap Ýaşlar guramasynyň hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Nadira RAHMEDOWA,
TMÝG-niň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Magtymguly etrap Ýaşlar guramasynyň guramagynda Magtymguly Pyragy muzeýine guralan gezelenç diýseň gyzykly boldy. «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy!» diýip atlandyrylan gezelenje etrabyň ýaşlary höwes bilen gatnaşdylar. Gezelenjiň dowamynda degişli hünärmenler tarapyndan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüne degişli sowal-jogap alşyldy.
Bägül SÄDIÝEWA,
TMÝG-niň Magtymguly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
«Parahatlyk nurun saçýar Bitaraplyk mekany» şygar astynda geçirilen aýdym-sazly çäre «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli boldy. Çärä Daşoguzyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda Daşoguz şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ata Watanymyzyň gazanýan beýik üstünlikleri barada çykyş etdiler. Daşoguz şäheriniň Medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň ajaýyp aýdymlarydyr joşgunly tanslary çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi.
Aýnur ÝUSUPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
18.01.2020ý.