Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary, bagtyýar talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň giň foýesinde geçirilen bu duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew alyp bardy.
Geçirilen brifing duşuşygynda Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň orunbasary, Mejlisiň deputaty Ýazpolat Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň radio ýaýlymlary boýunça baş utgaşdyryjysy Gülşirin Hanowa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby institutynyň mugallymy Kerim Myradow, şeýle hem Magtymguly adyndaky türkmen Döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýnabat Myradowa dagy çykyş edip, oňa gatnaşyjy ýaşlary gyzyklandyrýan sowallaryň birnäçesine täsirli jogaplary berdiler.
Çykyşlarda esasan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň we taryhy maksatnamalaryň ähmiýetini, döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, şeýle hem ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylandygy we 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň döwlet bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlaryna ýaşlaryň özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklary hakyndaky täsirli gürrüňler edildi.
Begmuhammet MEREDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri.