Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda Gökdere kubogyny almak ugrunda merkezara sport ýaryşy geçirildi. Bu sport ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde boldy. Şadyýan çagalar «Berkarar döwletiň sagdyn nesli biz!» ady bilen geçirilen bu sport çäresinde sportuň woleýbol, basketbol, kiçi futbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt, şaşka, düzzüm, tanap çekmek, ýeňil atletika görnüşleri boýunça ýaryşdylar.
Ymamberdi BATYROW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Tejen etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenç diýseň täsirli boldy. Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän çagalar dynç alyş meýdançalarynda dynç alýan ýaş nesilleriň gatnaşmaklarynda guralan gezelenç «Milli mirasym — buýsanjym» diýlip atlandyryldy. Gezelenjiň dowamynda degişli hünärmenler tarapyndan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,
TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Mary welaýatynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň küşt, tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ony Mary welaýat we etrap Ýaşlar guramalary we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Mary welaýat bölümi bilelikde gurady. Şowhunlylygy we çekeleşikliligi bilen tapawutlanan ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere hem-de gatnaşyjylara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Mähri BERDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Berkarar döwletim şanly-şöhratly, sagdyn durmuş bilen gadamlar batly» atly şygar astynda saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Türkmenabat şäherindäki «Lebap» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk çäresinde medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk çäresine gatnaşan ýaş lukmanlaryň birnäçesine Lebap welaýat Ýaşlar guramasy tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Owadan BABAGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Balkan welaýatynyň Janahyr şäherçesindäki sport we ýaşlar syýasaty bölüminde ýaşlaryň arasynda «Sport — saglygyň binýady» ady bilen stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Serdar şäheriniň we etrabynyň türgenleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça Serdar şäherinden Rejep Rejepow 1-nji orna, Çukur obasyndan Baýram Abdyýew 2-nji orna, Purnuwar obasyndan Ýusup Baýmyradow we Çukur obasyndan Şyhberdi Ezizow dagy degişlilikde 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Olar Serdar şäher we etrap Ýaşlar guramasynyň sowgatlary we etrap Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Gülsona AŞYROWA,
TMÝG-niň Serdar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Görogly etrabynyň Medeniýet merkezinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi «Baýramyňyz gutly bolsun, lukmanlar!» diýlip atlandyryldy. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda we saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglyk ulgamynda ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň edildi. Etrap Medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Saglyk ulgamynda zähmet çekýän ýaşlara Görogly etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
18.07.2019ý.