Bagtyýar biz bu berkarar Diýarda

Magtymguly etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň terbiýeçileriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Bagtyýar biz bu berkarar Diýarda» ady bilen geçirilen duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri gatnaşdylar.

Ýaşlar – ýurdumyzyň röwşen geljegi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylymly, bilimli, ruhubelent, berk bedenli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Munuň üçin ösüşlerden-ösüşlere beslenýän Diýarymyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, tutanýerli, halal zähmet çekseň, üstünliklere, belent sepgitlere ýetip bolýar.

Çärede edilen çykyşlarda şular dogrusynda gürrüň edilip, halkymyza bagtyýarlyk döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Maýsa Aýydowa,

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

«Balkan» gazeti,

12.01.2021ý.

Indiki makala

Abadan durmuş

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 7 okalan

GARAŇKYNY AÝ ÝEŇER, ÝADAWLYGY ÇAÝ

10 Iýun 2025 | 131 okalan

TALYP YLHAMY