Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda ýaş nesilleri kitaphanalara işjeň çekmek, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Kitap – bilimiň çeşmesi» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi.
Çärede talyplar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp gördiler we ol ýerde özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Kitaphananyň işgärleri talyp ýaşlara kitap adamzat üçin iň gymmatly hazynalaryň biridir, ol ylmyň, pähimiň, taryhyň, edebiýatyň we döredijiligiň çeşmesidir, kitap diňe bilim berip durman, eýsem terbiýe hem berýär, adamyň dünýägaraýyşyny giňeldýär diýip gyzykly gürrüňleri berdiler.
Gezelenç çäresiniň ahyrynda, ýaşlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.