WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 22-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Berkarar döwletde ömrümiz rahat» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Tagtabazar etrap bilim bölüminiň hünärmeni Gyzylgül Ýazgulyýewa, Tagtabazar etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Maýa Rahmanowa, mekdebiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Ajap Kowusowa, mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hatyja Ezizowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyň çäklerinde etrabymyzda geçirilýän çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň berip, okuwçylara ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegi, ýollardan seresaply geçmegi aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ajaýyp ORAZMUHAMMEDOWA,

Türkmanistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Sentýabr 2025 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Sentýabr 2025 | 26 okalan

MILLI MIRASYM — MIZEMEZ HORMATYM

13 Sentýabr 2025 | 152 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI