MILLI MIRASYM — MIZEMEZ HORMATYM

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 44-nji orta mekdebinde ýaş nesilleriň milli mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Milli mirasym — mizemez hormatym» atly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmeni hem-de 44-nji orta mekdebiň mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda halkymyzyň baý milli mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde muzeýleriň eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, geçirilen çäräniň dowamynda mugallymlar we okuwçylar orta mekdebiň çäginde ýerleşýän muzeýe gezelenç edip, olar halyçylyk, zergärçilik, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň gadymy nusgalary bilen tanyşdylar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çynar HOŞGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Sentýabr 2025 | 42 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

22 Sentýabr 2025 | 27 okalan

MILLI MIRASYM — MIZEMEZ HORMATYM

13 Sentýabr 2025 | 152 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI