KITAP — GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Kitap — gymmaty egsilmejek hazyna ady bilen “tegelek stol” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanylmagyny we onuň kitaphana işgärlerini täze üstünliklere we döredijilikli işlemäge ruhlandyrandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çary KAKABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

30 Sentýabr 2025 | 50 okalan

SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 62 okalan

MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

30 Sentýabr 2025 | 44 okalan

AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI