Ylmy bilen zamanasyny aňk eden türkmen alymy Abu Nasr Faraby özüniň taý tapylmaz zehinidir ukyby bilen mal-mülk gazanmaga ýagdaýy bolsa-da, gündelik azyk-owkadyny üpjün etjek dört dirhem bilen mydar edipdir. Bir gezek ol gaty çöregi suwa ezip, iýip oturan eken. Tanyşlarynyň biri şeýle düşünjeli we sowatly alymyň gaty çörek bilen ýürekselik edinýändigini görüp, oňa degmek isläpdir. «Halypa, naz-nygmatdan doly saçaga eýe bolup bilýärkäň, gaty çörek bilen oňňut etmek oňlanýan zatmydyr? Git-de, wezirden köpräk zat sora, zähmetiňe görä eçilenini al, iý-iç, garnyňy göje. Men-ä haýran, bu gaty çöregi nädip işdäň alýar?» diýipdir. Alym bu sözleri parahat diňläp oturypdyr. Soňra: «Iýmekden, garaz, açlygyňy gidermek bolsa, el ýaly çörek ýeterlik. Nahar iýlende aşgazany üçe bölmeli: iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr. Onsoňam, men-ä işdäm alýança tagapyl edäýýän. Işdäm alýança iýemogam. Mazaly ajygaňsoň, işdämenlik bilen iýýän her bir höregiň lezzeti-berekedi düýbünden başgaça bolýar. Bu ýagdaý iş we ylym babatda hem şeýledir, ýürekden höwes edip, yhlas bilen ýapyşýan her bir zadyňy, hatda ol ýönekeý gum hem bolsa, huma öwrüp bolýar. Esasy zat – ýürekden isläp ýapyşmak» diýip, alym jogap beripdir.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.