Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda söz sungatynyň meýdanynda ençeme zehinli nesilleriň kemala gelmegine nusgalyk görelde bolýan ynsanyň mertebesine goýulýan belent sarpanyň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň ýubileý 85 ýaş toýy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onuň işjeň agzalary tarapyndan Gutlag haty we ýadygärlik sowgat gowşuryldy.
Hawa, ömrüň manysy ýaşalan ýyllar bilen däl-de, edilen işler bilen ölçelýär. Bu babatda biz halypa şahyry bagty çüwen zenan hasaplaýarys. Çünki, çeken halal zähmetiňiz, yzda galan ýyllar ömür ýoluňyza many öwüşginlerini çaýdy. Ömrüniň köp ýyllaryny ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ajaýyp işlerine we ösüşlerine öz şygyrlary bilen belentden wasp edip şahsy goşandyny goşýar.
Onuň köp ýyllyk zähmet tejribesi – kalby ylhamly dörediji ýaşlara nusgalyk mekdepdir. Halypa hökmünde öz bileniňi öwretmek, tejribäňi paýlaşmak ýaly sogaply işleri bizi örän begendirýär. Şahyryň şahsy göreldesi nesiller üçin sowgatdyr. Sebäbi halypaň ýüregi hemişe ýaş! Durmuşda şadyýan, güler ýüzli ynsanlar garramaýarlar diýlen gürrüň bar. Ussat halypa şahyr hem – onuň mysaly. Çünki halypa şahyryň mesawy gürrüňleri diňe ýüzlere ýylgyryş bermän, olarda ýürekleriň töründe saklanylmaly, eziz enäniň öz perzendine edýän sargydy ýaly, ýakymlylyk bar, ýylylyk hem mähir bar. Goý, halypanyň ýyly sözleri ýeneki ýyllarda her bir ynsanyň ýüreklerine ýylylyk eçilsin!
Doglan günüňiz gutly bolsun Gahryman halypa! Janyňyz sag, röwşen ömrüňiz uzak, mertebeli başyňyz belent, döredijilik äleminde elmydama abraý hem-de uly üstünlikler hemraňyz bolsun! Nurana ertirlere sary ynamly ädýän ädimleriňiziň bady hiç haçan gowşamasyn! Saglykda, abadançylykda ýeneki ýyllar hem doglan günüňizi gutlap, şatlygyňyza şärikdeş bolmak nesip etsin!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.