PYŞDYL

Bir çagajygyň kiçijik pyşdyly bar eken. Onuň bilen oýnapdyr, otjagaz beripdir, iýmläpdir. Dostuna şeýle bir öwrenişipdir. Gyş günleriniň birinde oglanjyk pyşdyl dosty bilen oýnasy gelipdir, ýöne pyşdyl çanagyna gysmyljyrap, asla oýun bilen höwesi bolmandyr. Oglanjyk eli bilen pyşdylyň çanagyna kakyp görüpdir, netije bolmandyr. Soňra çöpjagaz alyp, gorjalap görüpdir, haýry degmändir. Ahyry taýak alyp, çanagyna urupdyr, gygyrypdyr, haýbat atypdyr, emma pyşdylyň şol bir durşy ekeni. Gaýta pyşdylyň kejirligi artýan ýaly, barha çanagynyň içine ýygrylypdyr. Olaryň üstüne oglanjygyň kakasy gelipdir. Gahar-gazaba münen oglunyň başyny sypalap, ondan nämä gaharlanýandygyny sorapdyr. Oglanjyk ähli zady bolşy ýaly gürrüň beripdir. Kakasy ýylgyrypdyr we pyşdyly öz gününe goýmagy ündäp:«Gel, gowusy, ikimiz söhbet edeli» diýipdir. Olar peji ýakypdyrlar we ýyly howra çoýunyp, özara gürrüň edişip başlapdyrlar. Pyşdyl hem ýylynmak üçin ýuwaş ýuwaşdan bularyň golaýyna gelipdir. Kakasy ogluna ýylgyryp bakyp: «Oglum, hemmelerem edil şu pyşdyl ýalydyr, öz meýliňe laýyk gopmaklaryny isleseň, olara mylakatly bol, mähirli bol, ýyly gara, gepiňi gögertjek bolup, taýak bilen depelerine kakyp durma» diýip, maslahat beripdir. Işbaşarjaň adamlaryň üstünliginiň esasy syry şundan ybarat. Olar ilki adamlary özleriniň ýyly sözi, ýumşak häsiýeti bilen özlerine çekýärler we soňra özara bähbitli ugurlarda bile işleşip, has uly maksatlaryna ýetýärler. Kim bilen iş salyşýan bolsaň, işleşýän bolsaň, olaryň hem pikirlerine düşünmäge çalyş, mähir bilen gara, ýumşak häsiýetli bol. Iňlislerde şeýle bir nakyl bar: «Aty zor bilen arygyň ýakasyna eltip bilersiň, ýöne oňa zor bilen suw içirip bilmersiň». Adamlaram hut şeýle, haýbat-hemle bilen bakanyňdan, göwnedip, ruhlandyryp işletseň, netijesi hem, girdejisi hem has tapawutly bolar. Çünki her bir

zat we hemme zat ýyly mähre maýyldyr.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

02 Awgust 2025 | 16 okalan

PYŞDYL

31 Iýul 2025 | 59 okalan

ARZUWLARYŇYZY AÝAP SAKLAŇ!

30 Iýul 2025 | 63 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ