BEDEWLER — DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

Bag­ty­ýar diýarymyzda halkymyzyň milli mirasyny, taryhyny, sungatyny, milli gymmatlyklaryny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewlerine berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da aýratyn üns berilýär.

Türk­me­niň uçar ga­na­ty — ahal­te­ke be­dew­le­ri özüniň gözbaşyny örän gadymdan alyp gaýdyp, häzirki güne çenli şan-şöhratyny elden bermän gelýär. Halkymyzyň bedew atyna bolan söýgüsi çäksizdir. Ahalteke bedewleri has gadymy döwürlerden bäri deňsiz-taýsyz gözelligi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy bilen dünýäni haýran edýär.

Biziň bedew atlarymyz türkmen ýigitleriniň toý günlerinde, söweşlerde-de iň ýakyn wepadar dosty, syrdaşy bolupdyr. Olar özleriniň ýaşaýyş-durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändirler. Gündelik durmuşyny, däp-dessurlaryny, edep-terbiýesini türkmen atlary bilen baglanyşdyrypdyrlar. «irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «at eýesiniň geljekki şatlygyny hem, gynanjyny hem duýarmyş», «atym bar — ga­na­tym bar», «at gy­ly­gy­na eýe­si ýe­tik», «atdyr ýigidiň myrady», «at agynan ýerde toý bolar», «at dosty, ata dosty», «at rysky alnynda», «at aýlygyny göterer, düýe ýyllygyny», «at kişňe­me­si — jen­net ga­py­sy­nyň se­si», «atyň ady uly, düýäniň dabany», «atly armaz», «ataň barka dost ga­zan, atyň bar­ka — ýol» ýa­ly bir­nä­çe aja­ýyp nakyllaryň üsti bilen pederlerimiziň gamyşgulak türkmen bedewlerini özleriniň çyn dostlary, syrdaşlary hökmünde hasaplandyklaryna magat göz ýetirýärsiň.

Türkmen edebiýatynda nusgawy şahyrlarymyzdan başlap, bagtyýarlyk döwrümiziň şirin dilli ussatlarynyň ahalteke bedewinden ylham-joş alyp, ony wasp etmedigi ýok bolsa gerek. Türkmen halk döredijiligine ser salanymyzda-da halkymyzyň adalatlylyk, edermenlik, watançylyk, batyrgaýlyk ýaly ýörgünli ýörelgelerinden başga-da olaryň bedew atlaryna bolan çäksiz söýgüsini duýmak bolýar.

Hormatly prezidentimiziň türkmen ahalteke atlary dogrusynda söhbet açýan «ahalteke bedewi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz», «ga­da­my batly bedew» atly kitaplary ýelden ýüwrük, ýyndam bedewlerimiz dogrusynda ajaýyp pähim-paýhaslara ýugrulan buýsanç dessanlary hökmünde diňe bir türkmen okyjylarynyň däl, eýsem, bütin dünýä okyjylarynyň hem mähirli söýgüsine eýe bolýar. Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge we ýaýbaňlandyrmaga gönükdirýän giň möçberli işleriniň netijesinde, olaryň at-owazasy has-da ýokary göterilýär. Bu gymmatlyga goýulýan beýik sarpa hökmünde dün­ýä­de ýe­ke-täk döw­let­de — eziz türk­me­nis­tan döwletimizde bedewiň şanyna toý-baýram edilýär.

At-abraýly seýisleriň neberesinden bolan hormatly prezidentimiziň behişdi bedewlerimize goýýan sarpasy, ahalteke atlaryna, atçylyk sportuna bolan çäksiz söýgüsi uludyr. Şonuň üçin milli li­de­ri­miz at­çy­ly­gy ös­dür­mek, geç­mi­şiň gaý­lygowgaly we asuda-toýly ähli döwürlerinde türkmeniň aýrylmaz dosty-ýoldaşy hasaplanan bedew atlarymyza berilýän ünsi güýçlendirmek, atlar bilen baglanyşykly türkmen halkynyň gadymy däpdessurlaryny täzeden dikeltmek ýaly meselelere aýratyn üns berýär.

Goý, türkmen bedewiniň jemaly-görki göwnümize we ömrümize siňsin!

Nurgözel sähedo­wa,

«türkmen atlary» döwlet birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Nesil” gazeti,

26.02.2019ý.

Meňzeş habarlar