PARAHATÇYLYGY WE BEÝIK ÖSÜŞLERI NAZARLAÝAN SEPGITLER

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher we etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary hem-de 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada brifing duşuşygy geçirildi.

Brifing duşuşygynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň redaktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy hem-de Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hakynda pikirlerini paýlaşmak bilen, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny öz çykyşlarynda bellediler . Brifing duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşan ýaşlar bilen sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň halkara abraýyny beýgeltmek üçin dünýä nusgalyk, beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Iýul 2025 | 27 okalan

TÄSIN ARZUWLY ÇAGALAR

23 Iýul 2025 | 9 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI