Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda geçirilen gepleşigiň bu sany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlandy.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Nanotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hoşniýetli goňşuçylyk, medeni-ynsanperwer we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilip, täze derejelere çykarylýandygy barada belläp, ýakyn günlerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, maslahatlar, forumlar barada giňişleýin pikirlerini beýan etdiler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar uly ösüşleri we parahatçylygy nazarlaýan Watanymyzyň halkara abraýyny beýgeltmekde alyp barýan dünýä nusgalyk, beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.